Adamyň ýüki näçe agyr bolsa-da, olary diňe uklayanca göterip biler.
Ömrümiziň takmynan üçden bir bölegini uklap geçirýäris, ýöne näme üçin uklayandygymnyzy az adam soraýar.Yatanymyzda näme bolýar we näme üçin uka gerek duyyas? Köpümize uky wagtynda kän bir iş etmeyanimiz ýaly gelyandir, ýöne uky knopgamyzyn öçürilen ýönekeý dynçlygy däldir, beýniniň gaty güýçli işleýän aýratyn işjeň prosesi. Name ucın uklyarys ýatanymyzda näme bolýanlygy, barada henizem alymlar möhüm bir pikire gelen daldir.
Biologiki sagat
Bir nace Gormon we nerw taýdan gözegçilik edilýän sagatlaryň köpüsi bedenimizde üznüksiz aýlawda işleýär. Bu aylawy dolandyrýan gurluşlara biologiki sagat diýilýär.
Adenoziniň we melotoniniň köpelmeginiň uky getirýändigini görkezýän gözlegler bardr. Uky wagtynda melatonin gormony iň ýokary derejä ýetýär we ukymyzy çuňlaşdyrýar. Hakykatdanam, ýagtylygyň ýoklugy ukymyzda ullakan faktor bolup, günüň ilkinji ýagtylygy bilen melatoniniň bölünip çykmagy çalt azalýar we aşa ýadawlyk,we keseliniz ýok bolsa, beden çalt janlanýar. Kortizolyň, adrenaliniň we noradraneliniň bölünip çykmagy bilen beden hereket etmage tayyndyr.
Bu hakykatdanam uklamagymyzyň ýeke-täk sebäbi bolup bilermi? Yada edip boljak gowy zadyn yoklugu ucınmy uky ösdü? Geçirilen gözlegler munuň beýle däldigini ýüze çykardy.
Yeterlik uky almasaňyz, bedeniňizde näme bolýar?
Ukynyň ýetmezçiligi köp näsazlyklaryň sebäbi hökmünde görkezilýär. Jemi bäş million adamyň gatnaşmagynda geçirilen 153 gözlegde az ukynyň süýji keseli, ýokary gan basyşy, ýürek keseli we semizlik bilen baglanyşyklydygy anyklandy.
Haçana çenli ukusyz galyp bileris?
Uzak wagtlap ukusyz durmak hakykatdanam kyn mesele. Iň uzyn ýazga gecen ukusyzlyk rekordy, San-Diýegodan 17 ýaşly okuwçy Randy Gander degişlidir. OL 264 sagat (takmynan 11 gün) uklamady. Randiniň ukusyzlykdaky soňky günleri alymlar tarapyndan öwrenildi.
Uky we düýş tapgyrlary
Biziň ukymyz, bäş dürli ýygylykda EEG ölçeglerine görä tapgyrlara bölünýär. Bular iki esasy faza bölünip, REM we N-REM diýilýär. Sagdyn, uzak bir ukyda REM wagtynyň uzaldylan bäş aýlawy bilen bu tapgyrlar gaýtalanýar. REM fazasy, göz gabaklary ýapyk bolsa-da, ukudan oýanýan we bir zada seredýän ýaly çalt hereket edýän döwürdir. Bu etapda beýnimiz ýokary energiýa sarp edýär, oýanýan ýagdaýymyza gaty ýakyn. Bu etapda düyşlermizi hem görýäris. Yokardaky cykan kartdan düyş baradaky videomyza hrm tomaşa eedip bilersiniz.
Sagdyn we rahat uky üçin bilim adamlarynyn we dogtorlaryn käbir maslahatlaryny sizlere aytmak isleyan
Biologiki sagadymyz sebäpli gijelerine uklamagy makul bildik. Ortaça, metabolizmi iň haýal bolup, himiki maddalar iň ýokary derejä ýetende, ortaça gije sagat 12 bilen 3 arasynda ýatmak möhümdir.
"Men ir turaryn işlerim irden ederin" sözüň hakyky manysy bar, sebäbi bizi oýandyryan gormonlarymyz sagat 5-den 7-e çenli güýje girýär. Esasy zat gysga ukudan peýdalanmak däl, sebäbi beýni üçin iň möhüm basgançak bolan REM-den geçmek üçin 1,5 sagat gerek bolyar.
Gysga uky üçin, birinji aýlaw gutarandan 110-130 minut soň idealdyr, sebäbi aylawyn ortasynda oýanmagy bizi sense yagdayyna getirer. Mundan başga-da, REM ukusynyň ortasynda oýanmak, dolandyryp boljak düşnükli düýşlere (lusid dreama) sebäp bolup biler; Şeýle hem halk arasynda "gara basdy" diýilýän ýagdaýa sebäp bolup biler, onda aň täzeden başlaýar, gözler açylýar, ýöne gymyldap bilmeýäris. Doly dynç almak üçin ulular üçin ortaça 7-8 sagat, ýaşlar üçin 9 sagada çenli wagt gerekligi aydylyar.
Yuwaş, garaňky we birneme salkyn gurşaw ukynyň hilini ýokarlandyrar. Şeýle hem hiç bir elektron enjamyň işlemezligi, aňsat we ýygy-ýygydan görülyen yerde sagadyň bolmazlygy möhümdir.
Yatmazdan ozal, uky getiren romaşka ýaly çaýlary demläp içip bilersiňiz, ýa-da süýt kislotasy bilen ýadawlygy üpjün etmek üçin gatyk we aýran saýlap bilersiňiz. Ukudan öňki etmeli zatlary öwrenip ösdürmek, wagtyň geçmegi bilen size has aňsat uklamaga kömek eder. Uklamadan onku etjek zatlarynyz içgiler bolup bilýän bolsa-da, aýdym diňlemek ýa-da ýakynlaryňyzy gujaklamak ýaly beýleki ediljek zatlary döredip bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, uklap ýatyrkanyz aýdym diňlemek ukunyzyn hilini peselder. Yatmazdan ozal spirtli içgileri içmäň, ýagty we ýagty yerlerde galmaň, mümkin bolsa kompýuter ulanmaň.
Wideonyn sonuny Leonardo da Vincin su sözleri bilen gutarmak isleyan.
Gowy gecen bir günün bagytly bir uky getirşi yaly gowy yaşalan bir durmuşda bagytly bir ölüm getirer.
Yorumlar
Yorum Gönder