Bu tekstde pişiklerin we itlerin taryhy barada
olaryn tasin hereketleri we olar barada gyzykly faktlary sizler üçin tayynladym.
Pişikleriň ilkinji gezek 4000 ýyl ozal Müsürde eldekileşdirilendigi giňden kabul edilse-de, olaryň adamlaryň arasynda bolmagy taryhda has ir ýüze çykypdyr. Yabany pişikleriň 100,000 ýyl gowrak mundan ozal Mesopotamiýada adamlaryň arasynda ýaşap, miladydan öňki 12,000-nji ýyllarda itler, goýunlar we geçiler bilen bir wagtyň özünde eldekileşdirilendigi mälimdir.
Arheologiki gazuw-agtaryş işleri soňky 10 ýylda Yakyn Gündogar ýabany pişiginiň häzirki dünýädäki öý pişiklerine iň ýakyn garyndaşydygyny we Mesopotamiýaly daýhanlar tarapyndan syçanlar ýaly däne ätiýaçlyklaryny iyyan mör-möjeklere gözegçilik etmek üçin eldekileşdirilendigini subut edildi.
Pişikleriň taryhyny öwrenendik, indi bolsa pişikler hakda käbir gyzykly faktlara göz aýlalyň.
* Sagdyn bir pişigiň agzynda 30 sany diş bardyr.
* Pişikler beýiklikden bökeninde, deňagramlylyk mehanizminiň kömegi bilen dört ayagyna düşyar.
* Pişigiň burun yzlary adamyň barmak yzlarynyn den bolmayşy yaly hersinin burun yzlary ayry ayrydyr.
* Pişikler adamlara we zatlara sürtünüp degmek arkaly öz meýdanyny we zatlaryny kesgitleýärler.
* Ortaça 15 ýyl ömri bolan pişik, ömrüniň takmynan 126 aýyny uklap geçirýär.
* Pişikleriň gulagynda 20-e golaý myşsa bar, we bu sazlaşykly işleýär, gulagyň has gowy duýulmagyna mümkinçilik berýär.
*Dusty atly pişik, 420 pişik cagasyny doguryp Yazgylara gecen in köp çaga doguran pişik adyny aldy.
* Bütün dünya Gara pişigiň betbagtlyk getirýändigine ynanýan bolsa-da, diňe gara pişik Angliýada we Awstraliýada Uğuryň çeşmesi hasaplanýar.
* Pişigiň murty deňagramlylygy däl. Diňe bir ýere girip biljekdigini ýa-da yada girip bilmejekdigini ölçeyandir.
* Pişiklerin tükülükleri antibakterialdyr. Özlerini ýalap ýörkäler, tüylerindaki mikroblary hem ýok edýärler.
Pişikler adamlar ýaly düyş hem göryarler!
Hawa, pişikler edil adamlar ýaly uklanda düýş görüp bilerler. 1954-nji ýylda fransuz newrologiýa alymy Mikel Juuwetiň we kärdeşleri uky wagtynda pişikleriň düyş görüp biyan bölegi bolan rem zolaklaryna pasgel berip başyny yokary galdyryp, aw wagtyndaky hereketlerini edyanligini görkezdiler.
Pişikler saglyk üçin peýdalydyr Gözleglere görä, pişikler; Yürek agyry howpuny azaltmak, Kellagyrydan dynmak, Süňk we bogun agyrysyny azaltmak üçin,
Gan basyşyny deňleşdirmek, Döwükleri we ýerleri çalt bejermek yaly peýdalary bar.
Geliň indi itler hakda gürleşeliň.
Ilki bilen itleriň taryhyna göz aýlalyň
Ilkinji eldekileşdirilmegi
Bu meselede henizem cözülmeyan düşnüksiz meseleler bardyr. Şol sebäpli, videomda toplan maglumatlarymy dürli çeşmelerden bermek isledim.
Bir maglumata görä, itleriň eldekileşdirilmegi Merkezi Aziýanyň bir ýerinde 15,000 ýyl ozal bolup geçendigi barada güýçli genetiki subutnamalar bardyr.
Genetiki gözlegleriň ýene bir netijesi, möjekler 16,300 ýyl ozal Hytaýda çopançylyk üçin eldekileşdirilipdir.
Adamlar bilen itleriň arasynda baglanyşyk barlygy indi ylmy taýdan hem kabul edildi. Bu baglanyşygy goldaýan ylmy netijeler hem bardyr. Adamlar biri-birine seredenlerinde, bir birine duýgudaşlyk bildiryarler we oksitosin atly gormon bölüp çykýaryar. Gözlegler itler bilen adamlar birek-birege seredende, adamda we itde şol bir gormonyň bölünip çykýandygyny ýüze çykardy.
Çal möjeklerden gelip çykýandygy aýdylýan itleriň 400-den gowrak tohumy barlygy caklanylyar. Itleriň ewolýusiýasy takyk bilinmese-de, ilkinji itleriň gözleri gaty yiti we gowy ys alma duygularyna eye bolandyklary şübhesizdir. Bu ukyplary ösdürip, adamlar olary zerurlyklaryna we dürli iübütleşdirmeler we dürli jynslaryň döremegine görä ulanyp başladylar.
Itler dünýä inen pursatyndan başlap adamlara mähirli garaýarlar.
Itler bu görnüşde dünýä gözüni açýan ýeke-täk haýwan görnüşidir. Şonuň üçinem, itiňize ýakynlygy görkezýänçäňiz we oňa öwrenişýänçäňiz, ol sizi eýýäm ol size öwrenişip mahir berip başlandyr.
Itiňiziň size degişlidigine göz ýetiren badyna, ol siziň ysyňyza eye cykar. Şol sebäpli, yaşayan ýerlerinde sizin zatlaryňyzyň gapdalynda ýatmagy makul bilýär we bu olary rahatlandyrýar.
Enesinden ýaňy aýrylan itler eýesini iň gowy dosty hökmünde görýärler. Täze eye cykyp kabul eden itinize özüni alyp barşyna gözegçilik etmek üçin kömek etseňiz, olar size wepaly dostlygyn nahili zatlygyny görkezer.
Ynsanlar bilen in gowy dost bolmagyndan başgada Ynsanlar itleri köp maksatlar üçin ulanyarlar.
Itler gaty ösen ys duýgusyna eýedirler. Adamlara görä müňlerçe ysy tapawutlandyrmaga ukyply itler, ýitirim bolanlary tapmakda-da üstünlik gazanýarlar.
Esasanam polisiýa itleri, ýörite taýýarlyklyk alanlaryndan sonra howply maddalary aňsatlyk bilen tapyp bilerler. Yene-de ýeterlik derejede taýýarlanan itler maýyplaryň ýa-da körleriň iň gowy kömekçisi bolup biler.
Adamlar ýaly itler hem taze zatlar Öwrenip öz başarnyklaryny ösdürip bilerler. Bu okuwlaryň iň kyny K9 okuwydyr.
Müňlerçe ýyl bäri adamlar bilen bile ýaşaýan itlerin yenede bir peydaly tarapy, çopanlara kömek etmek we goramakdyr.
Itler hakda öň eşidilmedik gyzykly faktlar.
İtlerin gözlerinde 3 gabyk bar
It eýeleriniň köpüsiniň muny bilmese-de, itleriň aslynda gözlerinde 3 gabyk bar. 3-njı göz gabygy gözüň goralmagyny we çyglylygyny saklaýar.
Basenji atly tohum itleri uwlayarlar
Merkezi Afrikadan gelip çykan it tohumy Basenji beýleki itlerden tapawutlanýar. Basenjiler üýrmeýändikleri sebäpli, onuň ýerine uwlayarlar. bu it tohumy elmydama oýnamaga taýyn we gezmegi gowy görýär.
Dünýädäki iň uzyn it
Döwrüň iň uzyn iti hökmünde tanalýan Ginnesiň Rekordlar kitabyna giren Zews, arka aýaklarynda duranda 224 santimetre ýetip biler. Zeus 2014-nji ýylda, 6 ýaşyna ýetmänkä aradan çykdy.
Dünýädäki iň gowy halas ediji
Newfoundlend tohum itleriniň ajaýyp halas ediş bolandygy mälim. Watanlarynda balykçylar tarapyndan terbiýelenen we ösdürilip ýetişdirilen bu itler, aýaklary we ýörite sütükleri sebäpli suwda örän işjeň hereket edip bilerler. Akylly, batyr, dostlukly, asuda, ygtybarly bolmaklary bilen hem tanalýarlar.
Burnuň gudraty
Itleriň burunlary adamyň barmak yzlary ýaly üýtgeşikdir. Çygly bolmagynyň sebäbi has gowy ys almaklary üçindir. Itler burnuna gelýän ysy has gowy duymaklary üçin burunlaryny ýalaýarlar. Itleriň ys duýgusy adamlardan 100,000 esse gowudyr
Yüzüňize seredip, duýgularyňyza düşünip bilerler
Itler 2 ýaşly çaganyň akylyna eýedir. Mundan başga-da, itler edil adamlar ýaly ruhy yagdaynyza düşünip bilýän ýeke-täk haýwan görnüşidir.
Her gezek haýwanat bagyna baranyňyzda, ol ýerdäki haýwanlaryň ýesirligini uzaldýarsyňyz! Hiç kim haýwanat bagyna barmasa, haýwanat bagy-da ýok bolardy! Yamanlygy ýok etmek gaty ýönekeý we bu bizin elimizde ".
Hemme zat birmeňzeş dem alýar: Haýwanlar, adamlar, agaçlar ... Adamlar haýwanlar bolmasa näme ederdiler? Ahli haýwanlar ýok bolsa, adamlaryň ruhlary ýalňyzlykda gark bolar; adamlar ýalňyzlykdan ölerler Şol sebäpli haýwanlaryň janly jandarlaryn gadryny bileliň. Bütün janly jandarlarynam bizinki yaly janlary bar ahry.
Yorumlar
Yorum Gönder