Eger siz seýsmiki taýdan howply çäklerde ýaşap, islendik ýerde bolsaňyzam: öýde, işde, kinoteatrda, transportda, köçede ýer titreme howpy barada köpçülikleýin yglan edilende özüňi alyp çykmagyň meýilnamasyny öňünden pikirleniň. Şol sanda maşgala agzalaryňyza hem ýer titreme wagtynda özüňi alyp barmagyň aýratynlyklary we berilýän ilkinji lukmançylyk kömeginiň düzgünlerini öwrediň.
Eger ýer titreme howpy barada öňünden habar edilen bolsa:
→ Belli bir amatly ýerde şahsy resminamalaryňyzy, pullaryňyzy, jübi çyrasyny we goşmaça batareýleri saklaň.
→ Öýde goşmaça agyz suwunyň we gaplanan, zaýa bolmajak iýmit önümleriniň birnäçe günlük ýeterlik mukdaryny taýynlap goýuň.
→ Düşekleri penjiräniň we daşky diwarlaryň öňünden aýyryň. Şkaflary, tekjeleri berkidiň, ýokarda saklaýan agyr goşlaryňyzy aşak düşüriň.
→ Howply jisimleri (zäherli himiki maddalar, çalt ýanyp biljek suwuk görnüşli himikatlar) çetleşdirip, howpsuz ýerde ýygnap goýüň.
→ Öýüň ähli ýaşaýjylary zerurlyk ýüze çykanda ýapar ýaly merkezi elektrik şitiniň nirde ýerleşýändigini, esasy gaz we suw geçirjileriň berklenýän ýerini bilmelidirler.
→ Öýde ulanýan dermanhana gutujygyňyzda saklanýan derman serişdelerine üns beriň. Maşgala agzalaryňyzyň ulanýan dermanlaryny alyp goýuň.
→ El telefonyňyza tiz lukmançylyk kömegi we ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, ýerli polisiýanyň we seýsmiki stansiýanyň telefon belgilerini belläp goýuň.
ÝER TITREME WAGTYNDA ÖZÜŇI NÄHILI ALYP BARMALY?
Oturan ýeriňiziň yrgyldap ugranyny duýup başlama, çyralaryň yranyp, ýokarda ýerleşen goşlaryň gaçyp, güýçlenýän güwwüldili sesleriň we aýnalaryň şakyrdysynyň ýokarlanmagy, şol sanda sygyr, it, düýe, eşek ýaly öý haýwanlarynyň adaty bolmadyk hereketleri we sesleri birbada howsalanyň we galagoplugyň döremegine getirip biler. Gorky we howsala erkiňizi bermäň. Ýer titremäniň başlanan pursatyndan, onuň weýrançylyga getirip biljek pursadyna çenli 20-25 sek. (ýer titremäniň güýjüne baglylykda) wagtyňyzyň bardygyny ýadyňyzda saklaň. Eger jaýyň aşaky gatlarynda ýaşaýan bolsaňyz, haýal etmän zerur bolaýjak goşlaryňyz bilen daşyna çykyň. Jaýdan çykylanda lifti ulanman hökman basgançak bilen aşak düşüň. Ýola çykyp duruň, ýöne uly gatly binalaryň, jaýlaryň golaýyndan daşda, açyk meýdançada durmaga ymtylyň.
Asudalygy saklajak boluň, beýleki adamlary hem köşeşdirmäne çalşyň. Uly gatly jaýlarda bolup, jaýyň içinde galan halatyňyzda howpsuz ýeri saýlaň: diwarlaryň birigýän burçlarynda, üçegi göterýän diregleriň ýanynda, gapy oturtmalaryň aşagynda. Eger stolyň aşagynda gizlenmek mümkünçiligiňiz bolsa gizleniň, ol sizi ýokardan gaçýan kerpiçdir, beton böleklerinden gorar. Penjireden we agyr mebellerden daşda duruň.
Ýangyn döretmeden gaça durup, şem, kükürt, otlawaç ulanmaň. Çykyp duran uly balkonlardan, tutularyň karnizlerinden, tok geçiriji simlerden daşda duruň. Eger siz maşynda bolsaňyz, açyk, hiç hili tok geçirijileriň ýok ýerlerinde saklanyň we hadysa sowulmasa maşyndan çykmaň. Köpri, tunnel ýaly gurluşyklara ýakynlaşmaň. Beýleki adamlara kömek etmeklige hemişe taýýar boluň.
Yorumlar
Yorum Gönder